- garym
- 1) Päsgelçilik üçin giň we uzyn edilip gazylýan çukur.∙ Ol metjinden gaýdandan soň, uly garymdaky düýeleri synlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Ýokary öýüň ýeňsesinde daşyna garym gazylyp çalmar edilen düýe agyly görünýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Nazar baýyň öýlerini, düýe garymlaryny bizin aldygymyz bolar -- diýdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)∙ Öz ýakýan oduňa özüň bişersiň, öz gazan garymyňa özüň düşersiň. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)∙ Garymyň içi bir suwdan dolup, işlemek mümkin bolmady. («Mydam Taýýar» gazeti)2) Silos etmek, galla gömmek we ş. m üçin gazylan çukur.∙ Giň garymlarda ekilen limonlary görkezdi. (N. Pomma, Sebäbini Soň bildim)∙ Silos etmek üçin ýärite taýýarlanyp goýlan garymlar göz öňüme gelýärdi.◊ garymyn gazmak — Önüňde alajyn etmek, çäresini görmek, önüni almak.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.